KITAP BIZIŇ DOSTUMYZ


KITAP BIZIŇ DOSTUMYZ

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda, ýaňy-ýakynda öz kiçi ýaşly okyjylary bilen «Kitap biziň dostumyz» atly gürrüňdeşlik geçirdi. Bu çärämize 3-4-nji synp okuwçylary gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda Mähriban Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýaş nesiller üçin döredip berýän mümkinçilikleri, şeýle hem bimöçber tagallalary dogrusynda söhbet edildi. Mundan başga-da, çärämiziň dowamynda biziň kitaphanamyza Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan we «Galkynyş» kitap merkezinden täze gelen kitaplar kiçi ýaşly okyjylara niýetlenen ertekiler okyjylaryň dykgatyna ýetirildi. Täze gelen kitaplar bilen okyjylaryň arasynda tanyşdyryş dabarasyny geçirdik we täze gelen kitaplar bilen sergi gurnaldy. Ata-babalarymyzyň kitaby Watan, ene, saçak mukaddesligi deýin eý görendigini, ony mydama aýap saklamalydygyny ýaş okyjylarymyza maslahat berildi.

Çärämiziň soňunda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza uzak ýaş, jan-saglyk il-ýurt bähbitli tutumly işlerinde rowaçlyk arzuw edildi.