“Magtymguly Pyragy halkyň ruhy hazynasy”


“Magtymguly Pyragy halkyň ruhy hazynasy”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy, gurnamagynda Paýtagtymyzyň ajaýyp seýilgählerinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetdi “Magtymguly Pyragy halkyň ruhy hazynasy” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy ylmy esasda öwrenilip, ony nesillerimize ýetirmek we dünýä ýaýmak boýunça giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigi, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz : “Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr” - diýip buýsanç bilen belläp geçýär. Hakykatdan-da, Magtymguly Pyragynyň tutuş döredijiligi watansöýüjilige ýugrulandygy şahyr türkmen tebigatynyň gözelliklerini, dost-doganlygy, agzybirligi şirin söz bilen wasp edýändigi, häzirki döwürde şahyryň goşgulary Eziz Diýarymyzyň dünýä ýüzündäki belent abraý-mertebesiniň, halkymyzyň bütewiliginiň, parahatçylygyň, agzybirligiň joşgunly senasy bolup, köňüllere nur çaýýanlygy barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmeniň nusgawy şahyryň eserleriniň köp dillerde terjime edilmegi diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä ýüzünde beýik söz ussadyna we onuň mirasyna uly hormat goýulýandygynyň aýdyň beýany bolýandygy barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Milli mirasymyzy öwrenmekde we dünýä ýaýmakda bimöçber işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.