Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy - paýhaslar ummany


Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy - paýhaslar ummany

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersiteti we Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Medeniýet köşgi bilen bilelikde guramagynda «Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy - paýhaslar ummany» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde öňe sürülýän watançylyk, agzybirlik, ynsanperwerlik ýörelgelerini giňden wagyz etmek biz medeniýet, döredijilik işgärleri üçin hem mukaddes borç bolup durýandygy, çünki ýaş nesilleriň kalbynda Watana wepalylygy kemala getirmekde, ajaýyp döwrümize, bagtyýar durmuşymyza söýgi döretmekde medeniýet-sungat işgärleriniň öňünde uly wezipeler durýandygy barada belläp geçdiler.

Çäräniň dowamynda kitaphana hünärmenlerimiz Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde talyp ýaşlaryň arasynda Magtymguly Pyragynyň ömri döredijiligi we birnäçe öwüt-nesihat beriji birnäçe goşgularyndan okap berdiler. Kitaphanamyz tarapyndan guralan gürrüňdeşlik talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy.

Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.