“Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty” ÝUNESKO-nyň “Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna” girizilmegi mynasybetli söhbetdeşlik


“Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty” ÝUNESKO-nyň “Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna” girizilmegi mynasybetli söhbetdeşlik



Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda halypa kitaphana işgärleriniň gatnaşmagynda “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda türkmen halkymyza gelip gowşan hoş habar,ýagny “Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty” ÝUNESKO-nyň “Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna” girizilmegi mynasybetli söhbetdeşlik gurnaldy.
Söhbetdeşlikde saz sungatynyň gülläp ösüşi, milli saz gurallarymyzyň ýasalyşy we bagşyçylyk sungatynyň mundan beýläk hem ýaş nesiller üçin ähmiýeti dogrusynda täsirli söhbet edildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Maýa Kulyýewa ad.Türkmen Milli Konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň dutar mugallymynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp sazlar çalyndy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.