Watan üçin söweşen gerçekler


Watan üçin söweşen gerçekler

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan «Watan üçin söweşen gerçekler» atly kitap sergisi gurnaldy.

Merdana ata-babalarymyzyň gahrymançylygy mukaddes Watanymyza, halkymyza we tutuş adamzada ak ýürekden gulluk etmegiň nusgalyk mekdebidir. Edermenligiň we gaýduwsyzlygyň, baky hormatyň hem-de ebedi şöhratyň beýik nusgasyny döreden gahrymanlarymyz kalbymyzda baky ýaşar! Watan gerçekleriniň şöhratly ýoly biziň şu günki bagtyýar neslimiz üçin görelde mekdebidi. Beýik Ýeňişiň 79 ýyllygy bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ähli türkmen halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris. Goý asmanymyz arassa, ýurdumyz parahat bolsun!