Magtymguly ynsan kalbynyň şahyry


Magtymguly ynsan kalbynyň şahyry

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Magtymguly ynsan kalbynyň şahyry» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde gündogar edebiýatynyň baky parlak ýyldyzy, dana akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini ylmy esasda öwrenilýänligi, Magtymguly Pyragynyň täze joşgunda, belent ruhda ýaňlanýan şygryýeti häzirki döwürde dünýäniň halklary bilen dostlukly, goňşuçylykly gatnaşyklaryny ösdürmek, halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak ýaly halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň waspçysyna öwrülenligi barada giňişleýin gürrüň berdiler.