Magtymguly Pyragy - söz şalygynyň soltany


Magtymguly Pyragy - söz şalygynyň soltany

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragy – söz şalygynyň soltany» atly döredijilik duşuşygy geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türkmen edebiýatynyň genji–hazynasy bolup, türkmen halkynyň beýik söz ussadynyň eserleri durmuşyň dürli taraplaryny öz içine alýanlygy, bu bolsa dana şahyrymyzyň öwüt-ündewe ýugrulan şygyrlary bilen ýaş nesilleriň bilim terbiýesinde Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýetiniň örän uludygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.