«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak – bagtyýarlygyň binýady»


«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak – bagtyýarlygyň binýady»



Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy 2021-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda öz okyjylary bilen bilelikde «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna bagyşlap, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak – bagtyýarlygyň binýady» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň saýasynda, ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen parahatçylykly hem-de dost-doganlyk gatnaşyklary barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de çagalar ajaýyp döwrümizi, Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini wasp edýän goşgulary uly höwes bilen aýdyp berdiler. Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplary we beýleki neşirleri esasynda gurnalan göçme kitap sergisi okyjylarymyzda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşlige gatnaşan çagalar ýaş nesillere okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini beýan etdiler.