«Magtymguly Pyragy – berkararlyk şygary» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy


«Magtymguly Pyragy – berkararlyk şygary» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň gurnamagynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplary bilen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlary we ol şygyrlaryň many-mazmunyny talyp ýaşlara giňişleýin ýetirmek maksady bilen «Magtymguly Pyragy – berkararlyk şygary» ady bilen göçme kitap sergisi guraldy.

Serginiň dowamynda talyp ýaşlar Magtymguly Pyragynyň terbiýeçilik ähmiýetli şygyrlaryny uly höwes bilen okadylar. Şeýle-de ol şygyrlaryň ýaşlary milli hem-de watançylyk ruhunda terbiýlemekde, olarda oňat gylyk-häsiýetleri kemala getirmekde eýeleýän orny barada aýratyn nygtadylar.

Pyragynyň şygyrlar çemenini özünde jemleýän kitaplar esasynda gurnalan göçme kitap sergisine gatnaşanlar nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň ömri we döredijiligini ýaş nesillerimize giňişleýin wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän, halkymyzy Pyragynyň arzuwlan ajap eýýamynda ýaşadýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.