“Saglygym – baş baýlygym” atly söhbetdeşlik


“Saglygym – baş baýlygym” atly söhbetdeşlik



Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda “Saglygym – baş baýlygym” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn, berk bedenli adamlar bolup ýetişmegi üçin ýurdumyzda alnyp barylýan işler dogrusynda täsirli gürrüňler edildi.
Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltlik ylmy işinde ýerleşdirilen dermanlyk ösümlikler, olaryň ähmiýeti, ulanylyşy, aýratynlyklary barada gürrüňdeşlik geçirildi. Kitaphanamyzyň hünärmenleri ýaşajyk okyjylara ilki bilen öýde hem-de köpçülik ýerlerde arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmegi, ellerini yzygiderli ýuwmagy hem-de zyýansyzlandyryş serişdeleri bilen tämizlemegi, iki metr howpsuz araçägi saklamagy, köpçülik ýerlerinde agyz-burun örtüklerini ulanmagy, dogry we wagtly-wagtyna iýmitlenmegi, sport bilen meşgullanmagy maslahat berdiler.
Ene-mamalarymyzyň millilik derejesine ýetiren, derdi-belalardan, kesellerden goranmak üçin ulanan üzärlik ösümliginiň keselleriň öňüni almakdaky peýdalary barada hem bilesigeliji okyjylara täsirli gürrüň berdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesiller üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.