«Tebigat biziň dostumyzdyr»
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda iýun aýynyň 5-ne Gökderedäki «Çynar» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde 5-nji iýun - Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä gününe bagyşlap, «Tebigat biziň dostumyzdyr» ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda çagalar tebigaty wasp edýän goşgulary labyzly okadylar. Kitaphananyň hünärmenleri bu merkezde dynç alýan çagalar bilen bilelikde tebigata gezelenç etdiler, bag ekmegiň, tebigaty, daş töweregi aýawly saklamagyň ähmiýeti barada täsirli gürrüňler edildi. Kitaphananyň gurnan «Tebigat biziň dostumyzdyr» atly göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Olar gözel tebigatymyzy, daş töweregimizi gorap saklamak baradaky kitaplary uly höwes bilen okadylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesiller üçin uly aladalar edýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.