Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Medeni miras - ruhy baýlygymyz» atly söhbetdeşlik geçirildi


Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Medeni miras - ruhy baýlygymyz» atly söhbetdeşlik geçirildi



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň merkezi geňeşi hem-de Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň ilkinji zenanlar guramasynyň bilelikde gurnamagynda «Medeni miras - ruhy baýlygymyz» ady bilen Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde oňa gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe däp-dessurlarymyza, edim-gylymlarymyza, milli gymmatlyklarymyza sarpa goýýan ýaşlary terbiýelemekde, edebi mirasymyz görelde mekdebi bolup hyzmat edýändigi, şeýle-de türkmen halkynyň medeni gymmatlyklary, şol sanda keşdeçilik sungatymyzyň dünýäniň medeni-ruhy hazynasynda mynasyp paýynyň bardygyny aýratyn bellediler.

Söhbetdeşlik «Miras» teleýaýlymynyň «Medeni miras» gepleşigine ýazgy edildi.