“Edep-terbiýäniň egsilmez çeşmesi”
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda 95-nji orta mekdepde “Edep-terbiýäniň egsilmez çeşmesi” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň
ýiti paýhasyndan dörän “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi”, “Türkmenistan Bitaraplygyň mekany”, “Garaşsyzlyk bagtymyz” atly kitaplarynyň terbiýeçilik ähmiýetini ösüp gelýän ýaş nesilleriň aňyna ornaşdyrmakda uly işleriň alnyp barylýandygy şeýle-de hormatly Prezidentimiziň kitaplarynda hemişelik Bitaraplyk derejämiz, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň beren miweleri, eziz Arkadagymyzyň parasatly Baştutanlygynda, dünýä halklarynyň arasyndaky dostana gatnaşyklar, geçmiş taryhymyz, däp-dessurlarymyz, gadymy çeşmeleriň häzirki döwürde hem gadyr gymmatyny ýitirmän gelendigi hem-de Mähriban Arkadagymyzyň kitaplarynda bu hakykat aýdyň beýan edilýändigi barada giňişleýin çykyş etdiler.
Çäräniň ahyrynda halkyna ajaýyp kitaplary sowgat berýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.