Magtymgulynyň döredijiligi – ýaşlara terbiýe mekdebi


Magtymgulynyň döredijiligi – ýaşlara terbiýe mekdebi

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda «Magtymgulynyň döredijiligi – ýaşlara terbiýe mekdebi» ady bilen aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler türkmen halkynyň milli buýsanjy, Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi hakynda, 2024-nji ýylda şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilýändigini, bu bolsa ussat şahyra goýulýan beýik sarpadan nyşandygy hakynda belläp geçdiler. Şeýle-de häzirki döwürde şahyryň edebi mirasyny giňden öwrenilýändigi we şygyrlarynyň her biri ýaşlar üçin terbiýe mekdebi hasaplanýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Magtymguly Pyragynyň sözlerine aýdylan şirin owazly aýdymlar çäräniň täsirini has-da artdyrdy.

Çäräniň ahyrynda türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmekde uly işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözler aýdyldy.