“Döwletimiz Bitarap – barýarys bagta tarap”


“Döwletimiz Bitarap – barýarys bagta tarap”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 42-nji orta mekdebiň bilelikde gurnamagynda “Döwletimiz Bitarap – barýarys bagta tarap” atly aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly içeri we daşary syýasatynyň dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyny, hemişelik Bitaraplygy hem-de ýurdumyzyň 26-ýyl içinde gazanan üstünlikleri, ösüşleri barada, Gahryman Arkadagymyzyň ýer ýüzünde parahatçylygy pugtalandyrmakda we ony gorap saklamakda edýän bimöçber işleri hakynda gyzykly gürrüň berdiler.
Bitaraplyk syýasatymyz öz köklerini her bir türkmeniň ýürek arzuwyndan, ata-baba dowam edip gelýän ynsanperwer goňşuçylyk gatnaşyklaryndan, ähli halklara hormat-sarpaly garaýyşlaryndan alyp gaýdýar. Bu bolsa baky Bitaraplygymyzyň maksatlaryna laýyk gelýär. Şoňa görä, kalby päk, asly halal ata-babalarymyzyň Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda beýanyny tapan arzuwlary Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda hasyl boldy.
Çärede kitap sergisi hem gurnaldy. Gurnalan kitap sergisini çärä gatnaşanlar uly gyzyklanma bilen synladylar. Kitaphanaçylar bilen sorag-jogap alyşdylar. Okuwçylaryň bagtyýarlyk döwrümizi wasp edýän goşgulary, Magtymguly Pyragynyň berkararlygy, agzybirligi wasp edip ýazan goşgularyny labyzly okap bermegi çäräniň has-da täsirliligini artdyrdy. Mekdebiň aýdym-saz toparynyň çykyşlary çärä gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady.
Aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda asuda, parahat, abadan durmuşda ýaşadýan, Ýer ýüzünde parahatçylygyň höküm sürmegine uly goşant goşýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.