Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabyndan


Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabyndan



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda
“Altyn ýyldyz” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabyndan gürrüňdeşlik geçirildi.
Çärede çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynda pähim-parasatly pelsepeleriniň hazynasy bolan, türkmen halkynyň arasynda nesilden-nesle geçip aýdylyp, diňlenip gelinýän rowaýatlardyr tymsallara örän giň orun berilendigi şeýle hem türkmen halky asyrlaryň, müňýyllyklaryň dowamynda nesil terbiýesinde şol rowaýatlardyr tymsallara, nakyllardyr atalar sözlerine daýanyp gelendikleri barada täsirli gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň sagdyn ösüp, wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler.