“Toý-toýlanýar Medeniýetiň şanyna”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Toý-toýlanýar Medeniýetiň şanyna” atly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda ajaýyp zamanamyzda ata-babalarymyzdan miras galan baý medeni mirasymyzy öwrenmekde, dünýä ýaýmakda uly işler durmuşa geçirilýär. Çärede häzirki wagtda türkmen medeniýetiniň we sungatynyň wekillerine döredeijilik hem hünär ussatlyklaryny kämilleşdirmäge täze-täze eserler bilen ruhy gymmatlyga teşne göwünleri gandyryp durmaga mümkinçilikleriň gapysy giňden açylýar hem-de ýurdumyzda milli medeniýetimiziň döwrebap ösdürilýändigini äleme aýan edilýändigi barada giňişleýin gürrüň berildi.
Çäräniň dowamynda türkmeniň agzybirligini, jebisligini arzuwlan Magtymguly Pyragy özüniň çeper döredijiligi bilen dünýä halklarynyň kalbynda müdümilik orun alan şahyryň çuňňur many-mazmunly şygyrlary adamzat ýaşaýşynyň ruhy çeşmesine öwrülendigini belläp geçdiler. Şeýle-de baýramçylyk mynasybetli gurnalan kitap sergisi bilen hem tanyşdyryldy.
Çäräniň ahyrynda Medeniýetiň we sungatyň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, başynyň dik, alyp beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.