Magtymguly sözle herne bileniň


Magtymguly sözle herne bileniň

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy, Bagtyýarlyk etrap häkimligi, Aşgabat şäher gurluşyk orta hünär okuw mekdebi bilelikde guramagynda «Magtymguly sözle herne bileniň» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uly ösüşler bilen öňe barýan eziz diýarymyz dünýäde belent abraýa mynasyp bolup, Ata Watanymyzyň täze taryhynyň şöhratly sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan, Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän goşgusyndan ugur alyp, 2024-nji ýyly «Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Şeýle-de, türkmen halkynyň beýik danasy, şygryýet äleminiň şamçyragy, ajaýyp we gaýtalanmajak döredijiligi bilen edebiýat äleminde öçmejek yz galdyran, türkmen nusgawy edebiýatynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsi aýratyn hormata mynasypdygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda halkymyzyň gadymdan gelýän baý edebi mirasyny öwrenmäge we wagyz etmäge giň mümkinçilikler döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.