“Kitap-ruhy hazyna”


“Kitap-ruhy hazyna”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Gökderedäki “Şöhle” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan ýaş nesillerimiziň arasynda “Kitap-ruhy hazyna” ady bilen kitap sergisi gurnaldy we gürrüň geçirildi.
Gürrüňdeşlikde çykyş edenler ösüp gelýän ýaş nesillerimizde kitap okamaklyga söýgini döretmek, çagalar üçin ýazylan edebiýatlary köp okamaklygy, kitap bilen her bir ynsanyň dost bolmalydygy barada, kitap bilen aragatnaşykda bolan adamlaryň dünýäni görýändigi, her bir ynsanyň kalbynda ruhy baýlygy döredýändigi dogrusynda gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda çagalaryň okan kitaplary, ertekileri, goşgulary barada sorag-jogap alyşmak bilen tapmaçadyr, matallary çözmekde özleriniň ukyp başarjaňlygyny görkezdiler. Çagalar uly höwes bilen kitap sergisi bilen tanyşdylar. Bu bolsa körpe nesillerimizde uly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiz barada uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.