«Dünýä dolýar parahatlyk mukamy, Türkmenistan Bitaraplyk mekany»
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň gurnamagynda Bagtyýarlyk etrabynyň Medeniýet köşgünde Baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli «Dünýä dolýar parahatlyk mukamy, Türkmenistan Bitaraplyk mekany» ady bilen aýdym –sazly döredijilik duşuşygy geçirildi.
Döredijilik duşuşygynda «Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen abadan ýurdumyzda milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň barha rowaçlyga beslenýändigi, baý milli mirasymyzy aýawly saklamak ony bütin dünýäde giňden wagyz etmek, gadymy türkmen topragynyň şan–şöhratyny artdyrmak, Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi, hormatly Prezidentimiziň durmuşa ornaşdyrýan asylly işleri medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösüşleri barada gürrüň edildi. Dabarada ýerine ýetirlen çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda, ýurdumyzda ýetilýän belent sepgitler, türkmen halkynyň milli däp – dessurlary, ak mermerli Aşgabadymyzyň waspy şirin owazly aýdymlaryň üsti bilen belentden ýerine ýetirildi hem-de şahyrlaryň wasp etmeginde goşgular diňlenildi.