Akyldar şahyryň öwüt-nesihat häsiýetli şygyrlary
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň bilelikde guramagynda «Akyldar şahyryň öwüt-nesihat häsiýetli şygyrlary» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan eserleri halkyň kalbynda hemişelik orun alan Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ylmy esasda öwrenmek we ýaş nesillere wagyz etmek mukaddes ýörelgeleriniň biri bolup durýanlygy barada, şeýle de Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragynyň eserlerinde çeper sözüň güýjüniň mizemezligi bilen türkmen halkyny bir döwlet gurmaga, bagtly jemgyýeti döretmäge çagyrýandygy, şahyryň goşgularynyň ýaşlary terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Gürrüňdeşligiň dowamynda kitaphana hünärmenlerimiz tarapyndan guralan kitap sergisi çärä gatnaşan talyp ýaşlarda uly gyzyklanma döredenligi barada belläp geçdiler.