«Magtymguly Pyragy – berkararlyk şygary» atly göçme kitap sergisi
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Magtymguly Pyragy – berkararlyk şygary» atly göçme kitap sergisini gurnady. Sergide Gündogaryň beýik söz ussady, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlar ýygyndylary ýerleşdirildi. Pyragynyň baý döredijilik älemine degişli eserler talyp-ýaşlarda uly täsir galdyrdy.
Talyp-ýaşlar üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri bilen sergini tamamladylar.