Arkadagly Serdarly eziz Watanym, toý-toýlaýar Pyragynyň şanyna


Arkadagly Serdarly eziz Watanym, toý-toýlaýar Pyragynyň şanyna

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan «Arkadagly Serdarly eziz Watanym, toý-toýlaýar Pyragynyň şanyna» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny has-da beýgelmek we ony giňden wagyz etmek boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda 2024-nji ýylyň «Pähim–paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan edilmegi akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar diýip giňişleýin gürrüň etdiler. Söhbetdeşligiň çäginde Döwlet kitaphanasynyň baý gaznasyndan «Magtymguly Pyragy – şygryýet älemiň çyragydyr» atly kitap sergisi gurnaldy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler dünýä edebiýatynda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetlerimize uly sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.