«Bedew münen hassa bolmaz»


«Bedew münen hassa bolmaz»



Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda aprel aýynyň 20-ine Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Bedew münen hassa bolmaz» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Ganatly bedewler» hem-de «Atda wepa-da bar sapa-da» atly kitaplary barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de türkmen bedewleriniň owadanlygy, ýyndamlygy, duýgurlygy hem-de at münmegiň saglyga peýdasy barada gyzykly gürrüňler edildi. Söhbetdeşligiň dowamynda gurnalan «Ganatly bedewler» atly sergi uly täsir galdyrdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.