Saglyk – bagtyýar durmuşyň gözbaşy


Saglyk – bagtyýar durmuşyň gözbaşy



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmen döwlet Bedenterbiýe we Sport institutynyň bilelikde gurnamagynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli “Saglyk – bagtyýar durmuşyň gözbaşy” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Bütindünýä saglyk güni gözel Diýarymyzda giňden bellenilýändigi şeýle-de bu günki gün ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde welosiped sporty bilen giňden meşgullanylyp, milli baýramçylyklardyr şanly seneler mynasybetli welosipedli ýörişler yzygiderli gurnalýar.
Hormatly Prezidentimiz :,,Welosiped dünýäde ekologiýa taýdan iň arassa, elýeterli we ygtybarly ulag görnüşi hökmünde giňden ulanylýar’’ diýip belleýär.
Söhbetdeşligiň dowamynda sport bilen yzygiderli meşgullanmak sagdynlygyň, bagtyýar durmuşyň girewidir diýip giňişleýin çykyş etdiler.
Şeýle-de Bütindünýä welosiped gününi ebedileşdirmek maksady bilen, paýtagtymyzyň ajaýyp keşbine görk berýän “Welosiped” binasynyň açylmagy Garaşsyz ýurdumyzda ulagyň ýokary ekologiýa görnüşi hasaplanylýan welosipede berilýän uly ähmiýetiň aýdyň subutnamasyna öwrülendigini belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik, alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.