“Halyda halym görner”


“Halyda halym görner”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynda ýurdumyzda her ýyl uludan bellenilip geçilýän haly baýramçylygy mynasybetli kitaphanada Gahryman Arkadagymyzyň “Arşyň nepisligi” atly kitaby esasynda “Halyda halym görner” ady bilen okyjylaryň arasynda gürrüňdeşlik geçirildi.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda haly sungatynyň has-da ösmegine, halyçylaryň bolsa belent sepgitlere ýetmegine ähli şertler döredilen. Türkmen halysy halkymyzyň köňül arzuwlaryny, hal-ahwallaryny, ýaşaýyş-durmuş ýagdaýyny, türkmen tebigatynyň gözelliklerini çeperçilik bilen beýgeldýän milli gymmatlykdyr.
Çärede çykyş edenler Türkmen halkynyň asyrlar jümmüşinden gaýdýan gözellik gudraty bolan ajaýyp hem nepis halylary, dokamagyň inçe syrlary, ene-mamalarymyzyň yhlas-paýhasyndan, mähir-muhabbetinden dörän haly-palaslarymyzy dünýä tanatmakda alnyp barylýan işler, ýurdumyzda halyçy gelin-gyzlarymyza goýulýan hormat-sylaglar hakynda Gahryman Arkadagymyzyň “Janly rowaýat”, “Arşyň nepisligi” ýaly kitaplarynyň üsti bilen beren gürrüňleri okyjylarda uly täsir galdyrdy.
Çeper elli zenanlarymyzyň diňe bir haly dokamak bilen çäklenmän, eýsem düýelerde we atlarda ulanylýan haly önümlerini hem hut öz elleri bilen dokandyklaryny, öýlerimiziň we toýlarymyzyň bezegi bolup biziň şu günlerimize gelendigi hakynda öwran-öwran aýtdylar.
Çäräniň soňunda milli mirasymyza uly hormat goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny, il bähbitli, ýurt ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.