«Arkadagyň kitaplary şamçyragdyr ýolumyza» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi


«Arkadagyň kitaplary şamçyragdyr ýolumyza» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň inžener – tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde guramagynda «Arkadagyň kitaplary şamçyragdyr ýolumyza» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, alym Arkadagymyzyň döredijilik zehininiň miwesi bolan ajaýyp kitaplarynyň terbiýeçilik ähmiýetiniň ulydygyny şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň döredijiliginiň halkyň kalbynyň nuruna öwrülip, gelejekki nesillere edebi miras, aýdyň ýol, her bir işde gollanma, hem-de maglumat çeşmesi bolup durýandygyny nygtadylar.

Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.