“Kim bilmeşek”


“Kim bilmeşek”



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde Gökderedäki “Şöhle” çagalar dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda “Kim bilmeşek” atly bäsleşik geçirdi.
Bäsleşigiň dowamynda hünärmenlerimiz bilesigeliji, höwesjeň okyjylarymyza kitap okamagyň ähmiýetini aýratyn nygtadylar.
Ýeňijilere höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.
Bäsleşigiň ahyrynda çagalar üçin uly aladalar edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.