“Bagtyýar Watanyň Bitaraplygy”


“Bagtyýar Watanyň Bitaraplygy”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň inžener–tehniki we ulag kommunikasiýa institutynyň bilelikde gurnamagynda “Bagtyýar watanyň Bitaraplygy” ady bilen Halkara Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk toýy mynasybetli edebi-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi.

Döredijilik duşuşygynda Berkarar döwletiň täze eýamynyň Galkynyşy döwründe, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlylygynda eziz Watanmyzyň hemişelik Bitaplyk halkara hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 27 ýyllyk toýynyň öňi syrasynda ýurdumyzyň ösüşleri, goňşuçylyk gatnaşyklary, parahatçylyk söýüjilik, abadançylygyň, bagtyýarlygyň, beýik ösüşleriň dabaralanýan mekanyna öwrenligi, barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda ata Watanmyzyň Halkara Bitaraplyk derejesiniň şanly toýuny uly dabaralar bilen şatlyk-şowhuna bellenýändigi, halkymyzyň bagtyýarlygy, azatlygy, watanmyzyň ösüşleri, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanmyza bolan çäksiz egsilmez buýsançlaryny öz döreden goşgularynyň, aýdymlarynyň üsti bilen beýan etdiler.

Çäräniň ahyrynda ýurdumyzy we halkymyzy ösüşiň rowana ak ýollary bilen täze belentliklere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt we tutuş adamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň mydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler!