“Ýurdumyzyň kitaphanalarynda sanly ulgamyň orny”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy,Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy, Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Ýurdumyzyň kitaphanalarynda sanly ulgamyň orny” ady bilen onlaýn maslahat geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň medeniýetiniň we sungatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan kitaphana ulgamynyň işine uly üns berilýär. Kitaphanalaryň işiniň kämilleşmegine we döwrebaplaşmagy-na giň mümkinçilikler döredilip, kitaphanalarda elektron resminama dolanyşygyny ýola goýmak, elektron kitaphana ulgamyny döretmek we elektron kataloglary guramak işine aýratyn uly üns berilýänligi sanly ulgama geçmegiň, sanly ykdysadyýeti durmuşa ornaşdyrmagyň esasy şertleriniň biri hem elektron kitaphanalary döretmek, olaryň internet arkaly halkara kitaphana ulgamyna birikdirilmegi, elektron kataloglaryň bolmagy okyja maglumat almak mümkinçiligini ýeňilleşdirýänligi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, il ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.