Jorap örmek sungaty


Jorap örmek sungaty



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebiniň höwesjeň okuwçylarynyň arasynda el işleriniň bir görnüşi bolan gülli joraplary örmegiň usullary barada “Jorap örmek sungaty – gadymy sungat” atly söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň ören gülli jorabynyň owadanlygy, nepisligi barada buýsançly gürrüňler edildi. Külli türkmeniň käbesi Ogulabat ejäniň bu asylly hünärini ýaş gyzlara öwretmek, ol hünäriň gadymylygyny, inçeligini, nagyşlarynyň aýratynlygyny wagyz etmek maksady bilen hünärmenlerimiz mekdebiň gyzjagazlary bilen gyzykly gürrüňdeşlik geçirdi.

Höwesjeň gyzjagazlar hem öz ören gülli joraplaryny uly höwes bilen birek-birege görkezip, täsirli wagt geçirdiler. Şeýle-de el işleriniň sergisi gurnaldy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň asylly kärini ýaş nesillere giňişleýin wagyz-nesihat etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.