Aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirildi


Aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirildi



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmenhaly Döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýiniň bilelikde gurnamagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli «Altyn güýze şan getiren senäm sen, Garaşsyzlyk bir mukaddes penam sen» ady bilen aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde Garaşsyzlyk ýyllarynda giň gerimli özgertmeleriň we taryhy ähmiýetli maksatnamalaryň durmuşa geçirilýän ýurduna öwrülen Türkmenistan ähli ugurlarda bedew bady bilen öňe barýandygy, ýurdumyzda ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde, sungatda, ylym-blimde uly üstünlikleriň gazanylýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de döredijilik işgärleri ata Watanymyzy, Garaşsyzlygymyzy wasp edýän goşgulary okadylar we aýdymçylaryň ýerine ýetiren aýdym-sazlary çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzyň asudalygy, parahatçylygy ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.