“Halkyň ynamy siz bagtly ýaşlar”


“Halkyň ynamy siz bagtly ýaşlar”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda 11-nji orta mekdepde “Halkyň ynamy siz bagtly ýaşlar” ady bilen kitap sergisi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi.

Çärede çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini, döwletli başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirip, türkmen ýaşlarynyň hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi babatynda taýsyz tagallalary edýändigi, 2023-nji ýylymyzyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagy ýaş nesilleriň ata Watanymyza bolan söýgisini we döredijilikli zähmet çekmäge yhlas höwesimizi has-da artdyrýandygyny belläp geçdiler.

Şeýle-de bu günki günde bagtyýar ýaşlarymyzyň giň dünýägaraýyşly, ylym- bilimli, bolmaklary üçin ähli şertler, giň mümkinçilikler döredilip, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde bilim özgertmeleri üstünlikli alnyp barylýandygyny buýsanç bilen gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda bagtyýarlygyň aýdyň ýoluny guran Gahryman Arkadagymyza, ynamly ýol bilen öňe alyp barýan Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.