“Şatlyk joşýar göwnümizde, bu bagtyýar döwrümizde”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy paýtagtymyzyň Daşkent dynç alyş seýilgähinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli “Şatlyk joşýar göwnümizde, bu bagtyýar döwrümizde” ady bilen baýramçylyk çäresi geçirildi we göçme kitap sergisi gurnaldy.
Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çagalaryň erkana ösüp, ajaýyp çagalar baglarynda terbiýelenýändikleri, ak mekdeplerde okap bilim alýandyklary, tomus paslynda bolsa ýurdumyzyň gözel künjeklerinde gurlan ajaýyp binalarda dynç alyp, saglyklaryny berkidýändikleri barada gürrüň berdiler.Şeýle-de Arkadagly Serdarymyzyň ösüp gelýän ýaş nesilleriň bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleriň döredilendigini buýsanç bilen bellediler.
Bu baýramçylyk mynasybetli gurnalan göçme kitap sergide Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary, ata Watanymyzyň at-abraýyny, ýurdumyzyň ösüşlerini hemmetaraplaýyn açyp görkezýän edebiýatlar, şeýle-de dürli suratlar bilen bezelen çagalaryň söýüp okaýan ertekileri esasynda birnäçe kitaplar, şol sanda ertekileriň gahrymanlarynyň şekilleri ýerleşdirildi. Bu bolsa Daşkent seýilgähindäki gezelenç edýän çagalarda has-da uly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.