Garaşsyzlyk halkyň çüwen ykbaly


Garaşsyzlyk halkyň çüwen ykbaly



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň binasynda «Garaşsyzlyk halkyň çüwen ykbaly» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde ata Watanymyzyň bedew batly ösüşleri, durmuşymyzyň ähli ugurlarynda ýaýbaňlandyrylýan düýpli özgertmeler, halkymyzyň röwşen geljegini, bagtyýar durmuşyny üpjün edýän belent ösüşleri barada belläp geçdiler. Geçen 32 ýylyň içinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ähli ulgamlarynda ykdysadyýetde, senagatda, bilimde medeniýetde we beýleki pudaklarda ýetilen belent sepgitler we dünýäni haýrana goýýan ösüşler, ata-babalarymyzyň arzuw umytlarynyň hasyl bolan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň şan-şöhratynyň asyrlardan – asyrlara aşyp, dünýä ýaň salýandygy barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda bagtyýar halkymyzyň il-ýurt bähbitli işleriň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.