Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Ýurdumyzda kitaphana işgärleriniň arasynda kitaphana işini döwrebap guramak we alyp barmak” boýunça wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi


Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Ýurdumyzda kitaphana işgärleriniň arasynda kitaphana işini döwrebap guramak we alyp barmak” boýunça wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi



Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda ýurdumyzyň welaýat kitaphanalary hem-de Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy, Aşgabat şäher Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň hünärmenleri bilen bilelikde “Ýurdumyzyň kitaphana işgärleriniň arasynda kitaphana işini döwrebap guramak we alyp barmak boýunça” wideoaragatnaşyk arkaly Onlaýn iş maslahaty geçirildi. Maslahatyň wezipesi, maksady dogrusynda giňişleýin tanyşdyrmak bilen maslahat öz işine başlady. Esasanam bitewi elektron kitaphana ulgamynyň işini kämilleşdirmekde we täze iş usullaryny ornaşdyrmakda alnyp barylýan işler barada giňişleýin söhbet edildi.
Kitaphanaçylaryň öňünde durýan döwrebap wezipeler dogrusynda, okyjylara edilýän hyzmatlar, kitaphana işini kämilleşdirmekde usulyýet işiniň ähmiýeti barada yzygiderli söhbetler edildi. Şonuň ýaly-da iş ýüzünde dörän soraglar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize alkyşlar aýtdylar.