“Ak arzuwlara beslenen Täze ýyl” atly aýdym-sazly dabara
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäheriniň 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik mekdebinde Täze ýyl baýramyna bagyşlap, “Ak arzuwlara beslenen Täze ýyl” atly aýdym-sazly dabara geçirdi. Dabara gatnaşan okuwçylar Täze ýyly, Aýaz babany, ajaýyp Täze ýyl arçasyny wasp edýän goşgudyr aýdymlary uly şatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Şeýle-de mekdep okuwçylary Täze ýyl arçasynyň daşynda gülküli sahna oýunlaryny oýnap , dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdylar.
Hünärmenlerimiz okuwçylara Täze ýylyň gelip çykyşy barada gürrüň berdiler we özara sorag-jogap alyşdylar. Şeýle-de “Ak arzuwlara beslenen Täze ýyl” ady bilen gurnalan göçme kitap sergisi dabara gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Aýdym-sazly dabara gatnaşan çagalar ýaş nesillere okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini beýan etdiler.