Asyrlara ýaň salýar milli mirasym


Asyrlara ýaň salýar milli mirasym

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý-dabaralary merkezinde «Asyrlara ýaň salýar milli mirasym» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ruhyýeti kalby bilen utgaşyp, milliligi süňňüne siňen türkmen halkymyzyň gadymyýetden şu güne çenli mukaddeslik höküminde getiren medeni mirasy belent derejede sarpalanyp, şol milliligimizi bagtyýar nesillerimize ýetirmekde, ony gorap saklamakda möhüm işler durmuşa geçirilýändigini, bu bolsa halkymyzyň medeni mirasy özüniň köpöwüşgünliligi bilen tapawutlanýandygy barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda medeniýetimiziň, sungatymyzyň hak howandary türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.