Hormatly Prezidentimiziň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitabyndan
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Demirýolçy” tomusky çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Hormatly Prezidentimiziň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitabyndan gürrüňdeşlik geçirildi.
Bu çärede çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň sazyň, sözüň güýji bilen bütin dünýäde parahatçylygy gorap saklamak ýaly asylly maksatlary çeper beýan edýän “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitabynda bellenilişi ýaly Şükür bagşynyň ýeňiş gazanmak bilen, saza daýanyp, saza gol berip, parahatçylygyň sungatyny döredip bilen türkmen sazandasy bolanlygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Kitapda beýan edilen ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň “Şükür bagşy” powesti hakynda edilen gürrüň dynç alýan çagalarda uly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda Hormatly Prezidentimiziň dünýä ýüzünde parahatçylygy pugtalandyrmakda we gorap saklamakda umumadamzat ähmiýetli alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.