“Öz ýurduňy bilýärmiň”


“Öz ýurduňy bilýärmiň”



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminde “Altyn ýyldyz” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Öz ýurduňy bilýärmiň” atly sorag-jogap bäsleşigini geçirdiler.
Bäsleşigiň dowamynda çagalar ýurdumyzda ýerleşýän taryhy we medeni ýadygärlikleri barada çykyşlar edip, öz aralarynda bäsleşdiler.
Geçirilen bäsleşikde çagalaryň Mary welaýatynda ýerleşýän Merwiň taryhy barada, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän, Abywerd şäheri barada we Goňurdepe ýadygärligi, Balkan welaýatynda ýerleşýän Dehistan ýadygärlikleri baradaky gyzykly sorag-jogaplary has täsirli boldy.
Bäsleşigiň ahyrynda kitaphanamyzyň hünärmenleri tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda uly gyzyklanma döretdi. Sorag-jogaply bäsleşige gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.