Gahrymanlar ebedi ýaşaýarlar
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasy bilen Ýasmansalyk medeniýet öýüniň bilelikde guramagynda Ýeňiş güni mynasybetli «Gahrymanlar ebedi ýaşaýarlar» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler 1941-1945-nji ýyllaryň şöhratly taryhyny, söweş meýdanynda şirin janyny gaýgyrman, hakyky gahrymançylyk görkezen, watandaşlarymyz watansöýüjilik, ynsanperwerlik, gaýduwsyzlyk, edermenlik görkezip baky şöhrata mynasyp bolandyklary barada gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda mukaddes ýörelgelerImize berk eýeren merdana watandaşlarymyz doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egine berip, ýowuz urşuň azat-erkana durmuş ugrundaky aldym-berdimli söweş meýdanlarynda gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezip, baky şöhrata mynasyp bolandyklary barada söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.