«Haly – halkyň hazynasy»
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda ýaşajyk okyjylary bilen bilelikde «Haly – halkyň hazynasy» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Arşyň nepisligi», «Janly rowaýat» atly kitaplary, olaryň many-mazmuny, kitaplarda ýerleşdirilen türkmeniň nepis halylary barada täsirli gürrüňler edildi. Kitaphananyň hünärmenleri söhbetdeşlige gatnaşan ýaşajyk okyjylara türkmeniň nepis halylarynyň taryhy, dokalyş aýratynlygy, haly dokamakda ulanylýan dürli gurallaryň görnüşleri, haly gölleriniň aňladýan manylary hem-de boýaglarynyň alnyşy barada gyzykly gürrüňler berdiler. Çagalar hem kitaplardan öwrenen türkmen halysyny wasp edýän goşgularyny labyzly aýdyp berdiler. Türkmen halysyna bagyşlap gurnalan kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň baý medeni mirasyny, milli gymmatlyklaryny ýaş nesillere giňişleýin wagyz etmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.