Änew medeniýeti


Änew medeniýeti

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölüminde «Änew medeniýeti» atly sungat syny geçirildi. Bu geçirilen synda Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň 39-njy mejlisinde Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew- müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň Änew medeniýetini öwrenmekde okyjylar köpçüligine gollanma bolandygy buýsanç bilen bellenilip geçildi.

Änewiň ak bugdaýyň watanydygyny dünýä äşgär etmekde, bu taryhy ýerde gazuw-agtaryş işlerini geçiren professor R.Pampelli we neberesi, şeýle-de ömürlerini türkmen halkynyň geçmiş-taryhyny ylmy taýdan öwrenmäge bagyş eden daşary ýurtly we türkmen alymlary, ol ýerden tapylan taryh üçin gymmatly tapyndylar, gözelligiň öýi Seýit Jemaleddin metjidiň gözelligi hakynda gürrüň berildi.

Bulardan başga-da, Gülşat Şamuhammedowa Änewli şahyrlar, olaryň döreden aýdymlarynyň «Damana ýolunyň bir ugry bolan Änew damana ýoly», ol ýol boýunça döredilen aýdymlary, döreden şahyrlar hakynda gürrüň berdi. Çäräniň myhmany Ahal welaýatynyň medeniýet müdirliginiň aýdymçysy Gülşöhle Orazsähedowa aýdymlar bilen jemledi.

Şeýle-de, 2004-nji ýylda çap edilen Änewiň gadymy ösüşi, gelip çykyşy we daş-töwereginiň täsiri iki jiltden ybarat. 1904-nji ýylda amala aşyrylan ekspedisiýasy netijesinde, 1908-nji ýylda Waşingtonda R.Pampelliniň redaksiýasy bilen neşir edilen işden iňlis dilinden gysgaldylyp terjime edilen kitaba, 2011-nji ýylda M.Mämmedow «Seýit Jemaleddin» binagärlik toplumy atly kitaplary hakynda we döwürleýin neşirlerde Änew medeniýeti hakynda ýazylan makalalar barada gürrüň berildi.

Kitaphana synynyň soňunda baý milli mirasymyzyň çuňňur öwrenilmegi, dünýäde wagyz edilmegi babatda taýsyz tagallalar edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagy, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi.