Eneden gyza miras - keşdeçilik sungaty
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyp gyzlary bilen türkmen keşdeçilik sungaty barada «Eneden gyza miras - keşdeçilik sungaty» atly söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda dünýä medeniýetiniň ösüşine goşant goşan milli keşdeçilik sungaty barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de iňňe, ýüwse, oýmak ýaly keşdeçiniň gerekli bolan gurallary, ýüpek sapaklary işmegiň we syntgylamagyň usullary, çep we sag halkalaryň gezekli-gezegine hünärli elleriň kömegi bilen keşde sungatyny emele getirişi barada gyzykly gürrüňler edildi. Gadymy milli mirasymyz bolan keşde nagyşlarymyzyň «Tyllagoçak», «Günebakar», «Şänik», «Çemçegöl», «Kebelek», «Çynar», «Ýürekkeşde», «Gowaçagül», «Goçak», «Tegbent», «Gülýaýdy» ýaly görnüşleriniň zenanlaryň köýnekleriniň ýakalaryna, kürtelere, çyrpylara, oglan we gyz tahýalara, erkek adamlaryň köýnekleriniň ýakalaryna, şeýle hem çaga kürtekçelerine salynyşynyň aýratynlyklary barada hünärmenimiziň aýdyp beren maglumatlary bilesigeliji talyp gyzlarda uly täsir galdyrdy. Gurnalan el işleriniň sergisi hem olarda uly gyzyklanma döretdi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda eneden gyza geçip häzirki günlerimize gelip ýeten milli el işlerimizi nesillerimize giňişleýin wagyz etmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.