Aman Gulmämmedowyň doglan gününiň 115 ýyllygy mynasybetli söhbetdeşlik geçirildi
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň guramagynda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň halk artisti Aman Gulmämmedowyň doglan gününiň 115 ýyllygyna bagyşlap «Sahna we durmuş» atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda ömrüni kino we teatr sungatyna bagyş eden ussat artist Aman Gulmämmedowyň döredijiligi barada täsirli gürrüňler edildi.
Halypa artistiň ussatlyk bilen döreden keşpleri, teatr hem-de kino sungaty üçin bitiren işleri, ömür ýoly baradaky gyzykly gürrüňler okuwçylarda uly täsir galdyrdy. Ussadyň döredijiligine bagyşlap gurnalan sergi hem aýratyn gyzyklanma döretdi.