Kitaphanalar ösüş ýolunda


Kitaphanalar ösüş ýolunda



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň gurnamagynda Bagyr medeniýet öýünde kitaphana hünärmenleriniň gatnaşmagynda «Kitaphanalar ösüş ýolunda» ady bilen okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň medeniýetiň aýrylmaz bölegi bolan kitaphanalaryň işine uly üns berýändigi, ýaşlarda kitap okamak endigini ösdürmek ugrunda uly işleriň alnyp barylýandygy, Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren ajaýyp kitaplary biz kitaphanaçylar üçin uly gollanma bolup durýandygy, kitaphanada we ýerlerde geçirilýän her bir medeni köpçülik çärelerimizde şol kitaplaryň ähmiýetini giň okyjylar köpçüligine düşündirmek biz kitaphanaçylaryň öňünde uly wezipe bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de bu okuw maslahatynda kitaphana işgärleri öz aralarynda kitaphanalarda alnyp barylýan işler barada özara pikir alyşdylar.