Kitap-gymmaty egsilmejek hazyna


Kitap-gymmaty egsilmejek hazyna

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Kitap-gymmaty egsilmejek hazyna» ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler türkmen halky öz taryhy ösüşiniň dowamynda ruhy gymmatlyklaryna hemişe uly gadyr goýup, oňa aýratyn ähmiýet berip gelipdir. Sebäbi kitap okamagy söýýän halk, özüni bagtly saýypdyr. Şu ýerde belli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap» hekaýasy biygtyýar ýadyňa düşýär. Ýazyjy, hekaýasynda nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragy, onuň edebi mirasy barada söz açyp giňişleýin nygtadylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna uly sarpa goýup, olary dünýä ýaýmakda nusgalyk işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsançlaryny beýan etdiler.