Medeniýet ulgamynyň möhüm ugry


Medeniýet ulgamynyň möhüm ugry



Kitaphanalar halkymyzyň neşir önümlerine, dürli habarlara bolan isleglerini yzygiderli kanagatlandyrmak, ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan özgertmelerini, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlaryny we mazmunyny ilata wagyz etmek, düşündirmek boýunça maksatlaýyn işleri alyp barýan medeni aň-bilim ojagydyr.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagynda döwlet we jemgyýetçilik kitaphanalarynyň 230-sy hereket edýär, şolaryň 28-si Ahal, 37-si Balkan, 43-si Daşoguz, 53-si Lebap, 44-si Mary welaýatlarynda, 25-si Aşgabat şäherinde işleýän kitaphanalardyr.
Ýurdumyzyň kitaphanaçylary öz işlerini «Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny esasynda alyp barýarlar. Kitaphanalarda 1 müň 600-e golaý hünärmen işleýär, şeýle hem ähli kitaphanalaryň kitap gaznasynda dürli neşir önümleriniň 10 million 900 müňden gowragy bar. Bilimleriň çeşmesi bolan kitaba uly hormat goýýan hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň welaýat kitaphanalary täze gurlan ajaýyp binalarda ýerleşýär.
Kitaphanalar üçin täze, häzirki zamanyň iň gowy binalarynyň gurlup berilmegi ýurdumyzda kitaba uly sarpa goýulýandygyndan nyşandyr. Döwlet Baştutanymyzyň 2018-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna barmagy medeniýet ulgamynyň işgärleri üçin ajaýyp waka boldy. Şonda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň baş usulyýet merkezi bolan Döwlet kitaphanasyny ösdürmek hem-de ony giňeltmek bilen bagly meseleler bilen tanyşdy. Hormatly Prezidentimiz kitap sergiler merkezine baryp, edebi sergileri guramakda birnäçe pursatlary gaýtadan işlemek, olara has aýdyňlyk we aýanlyk bermek babatda birnäçe görkezmeleri berdi. Şol bir wagtyň özünde binada dürli derejedäki duşuşyklary, şol sanda alymlar, ýazyjylar bilen duşuşyklary geçirmek, döredijilik agşamlaryny, bäsleşikleri guramak üçin möhüm şertler döredilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Döwlet kitaphanasynyň binasyna baranda kitaphana işini döwrebap derejede guramak hem-de kitaphanalaryň maksatlaýyn häsiýetli işlerini sanly ulgama geçirmek barada görkezmeler we tabşyryklar berdi. Kitaphana işgärleri Gahryman Arkadagymyzyň Döwlet kitaphanasyna gelip beren görkezmeleridir tabşyryklaryny, maslahatlaryny şu günler hem ýakymly ýatlama hökmünde kalplarynda saklaýarlar we döwlet Baştutanymyzyň beren görkezmelerini, tabşyryklaryny höwes bilen berjaý edýärler.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy bilen Kitap we neşir önümleriniň sergi merkeziniň döredilmegi kitaphana üçinem, kitaphana işgärleri üçinem, okyjylar üçinem ajaýyp waka boldy. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, türkmen halky kitaba uly hormat goýýan halk. Şonuň üçinem häzirki wagtda-da kitaphanalara gelýän okyjylaryň yzy üzülmeýär. Kitaphana işgärleri bilen söhbetdeş bolanyňda, olar Gahryman Arkadagymyzyň beren şol görkezmeleri, tabşyryklary işimiziň has-da ilerlemegine uly kömek etdi diýip, belent buýsanç bilen aýdýarlar.
Mähriban Arkadagymyzyň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek üçin Medeniýet ministrligi tarapyndan zerur bolan guramaçylyk işlerine toplumlaýyn girişilipdir hem-de bu ugurda ýurdumyzda kitaphana işini ösdürmegiň meýilnamasy işlenilip taýýarlanyp, onda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli amala aşyrýan işleriniň netijeleri, halkymyz hakda edilýän aladalar, bu ugurda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, ýaşlaryň ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilimli, terbiýeli, sagdyn bolmagy, hünär almagy we ylmy döredijilige ugrukmagy, Watanymyza, halkymyza, beýik pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmekleri, ruhy baýlyklarymyza, ylma we bilime bolan höwesini artdyrmak babatda netijeli işleri durmuşa geçirmäge gönükdirilen wezipeler açylyp görkezildi.
Döwlet Baştutanymyz ähli ugurlar boýunça dünýäniň iň gowy tehnologiýalaryny getirip, halk hojalygynyň dürli pudaklaryna ornaşdyrýar. Bu medeniýet ulgamy boýunça-da hut şeýledir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanygynda, sanly ulgama geçmegiň çäklerinde, Döwlet kitaphanasynyň binýadynda 2016-njy ýylyň 29-njy iýulynda ýurdumyzda bitewi elektron ulgamy döredilip, işe girizildi, bu ulgam häzir has-da kämilleşdirilýär. Bu iş talapkär okyjylara kitap hyzmatyny ýokary hilli alyp barmaga itergi berýär. Hyzmatyň hiliniň ýokarlanýandygy üçin kitaphanalara barýan okyjylaryň sany hem barha artýar.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň kitaphana işi ulgamynda gazanylýan oňyn tejribäni ýola goýmagy has-da işjeňleşdirmek boýunça beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, paýtagtymyzda ýerleşýän Döwlet kitaphanasynda, B.Amanow adyndaky çagalar kitaphanasynda, Aşgabat şäher Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynda, welaýatlardaky merkezi kitaphanalarda dürli pudaklarda işleýän işgärler üçin «Kitaphana güni» hem bellenildi.
Ýurdumyzyň islendik kitaphanasynyň işgärleri bilen söhbetdeş bolsaň, olar okyjylarymyzyň köpüsi Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamynyň astyndan çykan ajaýyp eserlerini okamaga has köp isleg bildirýärler diýip uly buýsanç hem göwnühoşluk bilen gürrüň berýärler.
Hormatly Prezidentimiziň gadymdan gelýän milli mirasymyz bolan ahalteke bedewleri, türkmen halylary, saz sungatymyz barada ýazan eserleri, «Janly rowaýat», «Döwlet guşy» atly nurana romanlary we beýleki ähli eserleri okyjylaryň ýankitabyna öwrülendir.
Kitaphanalar ynsanyň ruhy baýlygynyň mukaddes ojagydyr. Şol ojagyň işgärleri hormatly Prezidentimiziň özleri barada edýän aladalaryndan ruhlanyp, öz işlerini döwrüň talabyna laýyk guraýarlar, özleri barada edýän aladalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş aýdýarlar.

Orazdurdy ATAHANOW