“Söz daragtynyň miwesi”


“Söz daragtynyň miwesi”



Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy kitaphana gelýän okyjylarynyň arasynda ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 115-ýyllygyna bagyşlap “Söz daragtynyň miwesi” atly söhbetdeşligini geçirdi. Bu geçirilen çärede kitaphanamyzyň hünärmeni N. Saryhanowyň ömri-döredijiligi hem-de zehinli ýazyjynyň ezber galamyndan gowy ynsanyň päk dünýäsi, kynçylykly ýeňşi, adamkärçilige ýugrulan milli häsiýetleri onuň döreden eserlerinde özüniň aýratyn öwüşgini bilen çeper ýazylýar diýip, giňişleýin gürrüň berdi.
Mundan başga-da kitaphanaçy N. Saryhanowyň ýazan “Şükür bagşy” powesti barada we onuň kinosy barada gyzykly maglumatlary aýdyp berdi. Kitaphana gelýän okyjylar hem öz gezeginde ýazyjynyň “Kitap”,“Täleý”, “Enäniň guwanjy” ýaly hekaýalary we birnäçe başga eserleri barada hem-de şol eserleri okanlarynda özlerinde täsir galdyran pursatlar barada söhbet etdiler. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan kitap sergisi hem okyjylarda uly täsir galdyrdy .
Söhbetdeşligimiziň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemekde döredip berýän mümkinçilikleri üçin Mähriban hem Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.