“Ajap tebigatly mähriban Diýar”


“Ajap tebigatly mähriban Diýar”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy Türkmenistanyň Döwlet muzeýi bilen bilelikde gurnamagynda “Ajap tebigatly mähriban Diýar” ady bilen Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler ata-babalarymyzyň durmuş kadasyna öwrülen tebigat bilen sazlaşykda ýaşamak ýörelgesi Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek we ýaş nesli tebigata hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, jemgyýetimiziň ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmak babatda alnyp barylýan toplumlaýyn işlerde aýdyň görünýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gözelligini, baýlyklaryny we ösüşini üpjün edýän tebigaty, daşky gurşawyň abadançylygyny goramak, ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmek, tokaýçylyk işlerini ösdürmek babatdaky jemgyýetçilik başlangyçlarynyň yzygideri rowaçlanmagyna uly ähmiýet berilýär.
Halkymyzyň Akyldar şahyry Magtymguly atamyz ajaýyp eserlerinde tebigatyň hakyky gözelligini ussat suratkeş diýen janly görnüşde wasp edip, täsin tebigatymyzyň jadyly gudratyny aýdyň ýüze çykarýar we okyjyda Watançylyk duýgusyny oýarmagy ussatlarça başarýandygy barada giňişleýin çykyş etdiler.